Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Gozgalaňçylary Orsýet dolandyrýar


ABŞ Orsýetiň gündogar Ukrainadaky konflikte gatnaşygyny häsiýetlendirmeginiň dilini üýtgetdi. “Associated Press” agentligi ABŞ-nyň Orsýetiň soňky aýlarda gozgalaňçy güýçlerine ýolbaşçylygyny we gözegçiligini düýpli güýçlendirendigini 30-njy aprelde aýdandygyny habar berdi.

Maglumatda ABŞ-nyň “garyşykly orsýet-separatist” güýçleri diýlen termini öňe sürendigi bellenýär.

“Associated Press” agentligi Döwlet departamentiniň Moskwanyň we gozgalaňçylaryň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy depeleýändigini ýazgaryp, geçen hepdede eden çykyşlarynda bu termini üç gezek ulanandygyny, aňtaw agentlikleriniň bolsa ony orsýetlileriň we gozgalaňçylaryň bilelikde işleşmegi, türgenleşmegi we birleşen ýolbaşçylyk astynda hereket etmekleri barada beren maglumatlarynda ulanandygyny belledi.

Birleşen Ştatlaryň Moskwanyň hereketleri baradaky garaýyşynyň üýtgemegi Orsýetiň Günbatar ýurtlaryny öz ykdysadyýetine uly zyýan ýetirýän sanksiýalary gowşatmaga ündemek işini kynlaşdyryp biler.

XS
SM
MD
LG