Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Apple"-niň sowgady şübhe astynda


Apple kompaniýasynyň logotipi.
Apple kompaniýasynyň logotipi.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputaty Russiýanyň baş prokuroryndan, onuň öz sözi bilen aýtsaň, Apple kompaniýasynyň kämillik ýaşyna ýetmediklere “geý propagandasyny” ýaýratmakda bolup biläýjek günäsini derňemegi sorady. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär.

Russiýanyň “LDPR” atly sagçy partiýasynyň agzasy Aleksandr Starowoýtowyň beren maglumatynda 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Apple kompaniýasy özüniň bütin dünýädäki 500 milliondan gowrak iTunesi peýdalanýan ulanyjylaryna “U2” aýdym-saz toparynyň “Songs of Innocence” atly iň soňky albomyny hödürlände, ýaşlara köpçülikleýin bikanun mazmunly maglumat ýollady diýilýär.

Apple kompaniýasynyň “U2” aýdym-saz toparynyň täze albomynyň nusgasyny iTunes programmasynyň ulanyjylaryna mugt “sowgat” bermegi dürli reaksiýalaryň döremegine getiripdi.

Gürrüňi gidýän albomyň iTunesi ulanyjylaryň islegine garamazdan, öz iPhonelaryna ugradylmagyny amerikan repper aýdymçysy Tyler, The Creator “Twitter” sosial ulgamyndaky sahypasynda şeýle häsiýetlendiripdi: “Bu ir bilen dodagyň uçuklap ýa-da ýüzüňe düwürtik çykyp oýanan ýaly bir duýgy”.

Albomyň baş suraty

“U2”-niň albomynyň daşyndaky baş suratda toparyň deprekçisi Larry Mullen Jr-iň 18 ýaşly ogly Elwisi gujaklap duran pursaty görünýär. Bu suratda olaryň ikisi hem köýneksiz. Bu surat suratçy Glen Luchford tarapyndan surata düşürilen. Gürrüňi gidýän topar bu suraty albom we onuň temasy üçin wizual metafora, meňzetme diýip häsiýetlendirýär.

Emma Starowoýtow munuň bilen ylalaşmaýar. Ol “U2“-niň sungat albomy erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşygy höweslendirýär diýýär. Kremlparaz makalalary bilen ýakasyny tanadan “Izwestiýa” gazetiniň aklawçy Ýewgeniý Tonka salgylanyp berýän maglumatyna görä, Starowoýtow ahlak taýdan ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmagyny talap edip, öz oglunyň adyndan Apple kompaniýasyny suda bermäge taýýarmyş.

Eger Apple kompaniýasy ýaşlara “geý propagandasyny” ýaýratmakda günäli tapylsa, onda ol öz Russiýadaky işlerini takmynan 90 gün duruzmaga mejbur edilip, ýa-da oňa 1 million rus rubly, ýagny 19 müň amerikan dollary möçberinde pul jerimesi salnyp bilner.

Düýbi Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýän Apple halkara tehnologiýa kompaniýasy bolup, ol 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde Steve Jobs, Steve Wozniak we Ronald Waýne tarapyndan döredilipdi.

XS
SM
MD
LG