Ýemeniň sürgünlikdäki prezidenti Abd-Rabbu Mansur Hadä wepaly söweşijiler, 1-nji maýda ýurduň günortasyndaky Aden şäherinde ok atyşygy bes etmek barada iki sagatlyk ýaraşyk yglan etdi. Bu çäre ynsanperwer toparlar tarapyndan yzygiderli edilen çagyryşlaryň yzýany amala aşyrylýar.
Gürrüňi gidýän port şäheri maý aýynyň ahyryndan bäri Hadä tarapdar söweşijiler bilen şaýy Huti pitneçileriniň arasyndaky çaknyşyklaryň alnyp barylýan sebitine öwrülipdi.
Germaniýanyň “dpa” atly habar gullugynyň “Aden al-Ghad” atly websaýtda ýaýradylan beýanata salgylanyp berýän maglumatyna görä, ok atyşygyň wagtlaýyn bes edilmegi, ynsanperwer ýardam berýän toparlaryň öýünden göçmäge mejbur bolan ýaşaýjylara kömek etmegine we ýaralylara saglyk bejergisini bermegine mümkinçilik döreder.
Aden şäherinde ok atyşygyň bes edilendigi barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär.