Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA: Şazada Ali dalaşgärligini dowam etdirýär


Halkara Futbol federasiýasy – FIFA-nyň wise prezidenti şazada Ali bin al Hussein guramanyň lideri bolmak ugrundaky kampaniýasyny “soňuna çenli” dowam etdirmäge wada berdi. Iordaniýanyň şazadasynyň eden bu çykyşy, onuň bu kampaniýadan yza çekilip biljekdigi barada çykan spekulýasiýalaryň yzýanyna gabat geldi.

39 ýaşly şazada FIFA-nyň häzirki prezidenti Sepp Blatteriň ýerine geçmek üçin saýlawlara gatnaşýan üç kandidatyň biridir. Bu saýlaw 29-njy maýda Germaniýanyň Zürih şäherinde geçiriljek FIFA geňeşinde geçiriler.

Iordan şazadasy, Golland Futbol assosiasiýasynyň başlygy Michael van Praag we portugaliýaly öňki ýyldyzy Luis Figo, Blattere garşy bir kandidaty öňe çykarmak üçin özaralarynda ylalaşmaga zerurlygyň bardygyny aýdypdylar.

Emma şazada Ali özüniň 5-nji maýda ýaýradan beýanatynda, ylaýtada dürli ýurtlara eden saparynyň dowamynda futbol federasiýalary tarapyndan “gelip gowşan pozitiw we goldaw beriji maglumatlardan soň”, FIFA-nyň prezidentligine öz dalaşgärligini dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG