Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Ýeňşiň 70 ýyllygyny belleýär


8-nji maýda Ýewropada ýurt ýolbaşçylary we ýönekeý adamlar Nasistik Germaniýany ýeňmegiň we Ikinji Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyl dönümini belleýärler.

Parižiň baş köçesinde (Champs Elysees) ýol hereketi ýapylyp, Näbelli esgeriň ýadygärligine ýöriş geçirmek üçin şert döredildi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Germaniýada baş ýolbaşçylar Berliniň Reihstag parlament binasynda uruş pidalaryny ýatlamak boýunça bir sagatlyk dabara gatnaşdylar.

1939-njy ýylda uruş başlanan Polşada prezident Bronislaw Komorowski BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moonyň, Ukrainanyň we Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärä gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG