Türk kinosunyň meşhur aktýorlarynyň biri Zeki Alasýa aradan çykdy.
Türk metbugatynyň berýän maglumatyna görä, ussat artist 22-nji aprelden bäri saglyk bejergisini alýan “Koç” keselhanasynda 8-nji maýda ýogaldy.
Alasýa aktýor kärdeşi Metin Akpynar (Metin Akpınar) bilen bilelikde oýnan filmleri bilen meşhurlyga eýe bolupdy.
Stambulda dünýä indi
Zeki Şenol Alasýa 1943-nji ýylyň 18-nji aprelinde Stambulyň Şahzadabaşy sebitinde dünýä inipdi.
Ol 1964-nji ýyldan başlap, resmi taýdan teatr karýerasyna başlapdy.
1967-nji ýylda Haldun Taner, Metin Akpynar we Ahmet Gülhan bilen birlikde “Dewekuşu Kabare” atly teatry döredip, onda aktýor, ýazyjy we režisýor wezipelerinde işledi.
Alasýa 1973-nji ýyldan başlap, kinofilmlerde surata düşüp başlaýar.
“Ajaýyp egindeşler”
Artist Alasýa 37 ýylyň dowamynda Metin Akpynar bilen birlikde dürli filmlerde oýnady.
Alasýa 1977-nji ýyldan başlap, režisýorlyk karýerasyna başlaýar. Ol režisýory bolan öz filmlerinde hem oýnaýar.
Iň soňky gezek..
Alasýa uzak wagt aradan soň, iň soňky gezek “Hoş onda!” filminde oýnapdy.
Zeki Alasýa döwlet artistidi. Ol 2010-njy ýylda “Altyn apelsin” atly film festiwalynda abraýly baýrak bilen sylaglanypdy.