Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňden gowrak tussag boşadyldy


Gözenegiň aňyrsyndaky adam
Gözenegiň aňyrsyndaky adam

Türkmenistanda anna güni Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirilip, bir müňden gowrak tussagyň günäsi geçildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň başynda ýurduň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewiň nobatdaky günä geçişlik baradaky hasabatyny diňledi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanda nobatdaky günä geçişligiň taýýarlanýandygy, onuň Ikinji Jahan urşunda faşistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň 70 ýyllygynyň bellenýän gününe, 9-njy maýa gabat yglan ediljegi barada sosial ulgamlarda habarlar çykypdy.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasy Ýeňiş gününe gabat uly günä geçişlik yglan etdi.

Emma Orsýetden tapawutlylykda, Türkmenistanda 9-njy maýa gabat hiç hili günä geçiş bolmady.

Muňa derek, Türkmenistan her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän baýramçylyk, Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli bir müňden gowrak tussagyň günäsiniň geçilendigini yglan etdi.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda «eden etmişine ak ýürekden toba eden» tussaglaryň jeza çäresinden möhletinden öň boşadylmagy ýaly sahawatlylyk çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini belläp, bu işiň «rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp» edilýändigini nygtady:

«Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlaryň öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri döredýäris» diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu gezekki günä geçişlikde 1202 sany türkmen raýaty, 13 sany daşary ýurt raýaty jeza möhletiniň galan bölegini çekmekden boşadylyp, azatlyga goýberilýär.

Adatça her günä geçişlikde bolşy ýaly, prezident günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň baýramçylykdan öň maşgala agzalarynyň arasyna gowuşmagy, soň olaryň iş bilen üpjün edilmegi barada tabşyryk berdi.

Nobatdaky günä geçişlikden, ýagny bir müňden gowrak adam azatlyga goýberileninden soň türkmen türmelerinde näçe tussagyň galandygy aýdylmaýar.

Şeýle-de, günäsi geçilenleriň arasynda halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag ýa-da wyždan ýesiri diýip hasaplanýan adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy, häzirlikçe, belli däl.

Mälim bolşy ýaly, halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasy türkmen türmelerinde ýitendigi aýdylýan onlarça tussagyň ykbaly barada olaryň garyndaşlaryna on ýyl gowrak wagt bäri hiç hili maglumat berilmeýändigini aýdyp, bu ugurda aýdyňlyk gazanmak üçin kampaniýa geçirýär.

XS
SM
MD
LG