Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistandaky ýagdaýlara üns çekiler"


ÝHHG-niň nyşanasy
ÝHHG-niň nyşanasy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary instituty tarapyndan gurnalan "Adamçylyk ölçegleri" konsepsiýasy boýunça ýyllyk maslahaty geçýär.

23-nji sentýabrda başlanan bu çäräniň gün tertibinde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna hem garalýar. Warşawadaky duşuşyga gatnaşýan guramalaryň biri “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygynyň” ýolbaşçysy Brigit Dufour maslahatda gozgalan meseleler barada "Azatlyk Radiosyna" gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Warşawada dowam edýän ýygnagyňyz hakda dolurak maglumat beräýseňiz?

Brigit Dufour: Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary instituty tarapyndan gurnalan "Adamçylyk ölçegleri" konsepsiýasy boýunça ýygnak dowam edýär. Ýygnaga gurama agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar we bu ýygnakda hökümete degişli bolmadyk guramalara-da öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berilýär.

Azatlyk Radiosy: Ýygnagyň gün tertibinde Türkmenistan bilen bagly temalaram bar diýilýär, bu hakda nähili maglumatyňyz bar?

Brigit Dufour: Elbetde, Türkmenistandaky ýagdaýlar hakda hem gürrüň edilýär. Şu gün irden geçirilen ýygnak barada aýdanymda, ol söz azatlygyna bagyşlandy. Ýygnakda Türkmenistanda žurnalistleriň yzarlanýandygy barada-da durlup geçildi.

Günüň ikinji ýarymynda guramalaşmak hukugy barada gürrüň ederis. Bu meselede beýleki guramalar bilen bilelikde bir beýanat taýýarladyk. Bu çäre arkaly biz Türkmenistanda degişli problemalara ünsi çekmäge synanyşarys.

Türkmenistan hakda gürrüň etmek üçin ýygnakda başga-da mümkinçiliklerimiz bolar, meselem, adam gynamalary barada ýörite diňlenişik geçiriljek, bu Türkmenistan barada iş alyp barýan guramalar üçin öz aladalaryny beýan etmäge ýene bir mümkinçilik döreder.

Azatlyk Radiosy: Şol çykyşlar nähili netijeler berer diýip garaşýarsyňyz?

Brigit Dufour: Bu çykyşlaryň netijesinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri Türkmenistanda ýagdaýlaryň näderejede gözgyny bolup galýandygy bilen tanyş bolýarlar.

Beýleki tarapdan seredenimizde, bu çäräni gürrüňdeşlikden ybarat bir duşuşyk diýip hem häsiýetlendirip bolar, emma şol bir wagtyň özünde-de bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň agzalaryny ýagdaýdan habardar edip, olaryň Türkmenistan baradaky sýyasatyna täsir ýetirmek üçin bir gural bolup hyzmat edýär.

Şeýle-de bu pursat Kanada, ABŞ ýaly ýurtlary täzeliklerden habarly etmek, ýagdaýyň özgermändigine olaryň ünsüni çekmek we Türkmenistanyň ünsden düşürilmeli däldigini olara ýene bir gezek ýatlatmak üçin hem täsirli bir platforma bolup hyzmat edýär.

Şol bir wagtyň özünde-de ençeme guramalaryň bilelikde döreden bileleşiginiň käbir agzalary “Olary diri görkeziň!” diýen kampaniýany hem alyp barýarlar. Bu 2002-nji ýylda bolan waka bilen ilteşikli tussag edilen adamlaryň ýatdan çykarylmandygyny nygtamakdan ybarat. Bu inisiatiwa aýratynam şol adamlaryň nirededigini aýan etmek üçin Türkmenistanyň hökümetine basyş etmegi maksat edinýär.

Azatlyk Radiosy: Özüňiziň hem aýdyşyňyz ýaly, şeýle çykyşlar geçen ýyl hem edilipdi, şondan bäri Günbataryň Türkmenistan baradaky sýyasatynda üýtgän zat boldumy?

Brigit Dufour: Halkara arenasynda Türkmenistandaky ýagdaýlaryň Demirgazyk Koreýa bilen deňdigi baradaky pikiriň ornaşmagy, elbetde, şeýle çäreleriň netijesinde mümkin boldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň hökümeti bilen dürli dialoglar geçirilýär, meselem, Ýewropa Bileleşigi şeýle gepleşikleri geçirýänlerden biri. Ynha şonuň ýaly çäreden öňüsire biz takyk ýagdaýlary öz içine alýan faktlary günbatar wekillerine hödürleýäris, bilişimize görä, olar özara ýygnaklarynda bu ýagdaýlara Türkmenistanyň wekilleriniň ünsini çekýärler.

Şeýle ýygnaklarda siziň hökümediňiz, degişli çäreleriň görýändigini aýdýarmyş, Ýewropaly ýurtlaryň, şolsanda biziň hem onuň şeýledigine ynanasymyz gelýär, emma kagyz ýüzünde özgerişler bolan hem bolsa, biz olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna garaşýarys. Biz ynha şu ýagdaýlara has köp ünsi çekmäge synanyşýarys.

XS
SM
MD
LG