Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boston bombaçysy ölüme höküm edildi


ABŞ žýurisi Boston marafonynda bomba ýarmakda günäli typylan Johar Sarnaýewe sanjym arkaly ölüm jezasyny bermek barada höküm çykardy.

Žýuri bu karara 15-nji maýda, 14 sagat dowam eden maslahatdan soň geldi. 21 ýaşyndaky Sarnaýew höküm okalanda başyny egdi, emma hiç bir duýgy görkezmedi, pidalar we olaryň maşgala agzalary bolsa gözýaş etdiler.

2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde marafonyň jemleýji pursatynda ýarylan iki bomba üç adamy öldürip, 260-dan gowrak adamy ýaralapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG