Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş regionlarynda ýaragly çaknyşyklar bu ýerde köpçülik bolup ýaşaýan etnik türkmenleri öz öýlerini terk etmäge mejbur edýär.
Şu günler türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda jemlenen türkmenleriň sanynyň barha köpelýändigi we olaryň Türkmenistandan kömek soraýandygy barada habar berilýärkä Türkmenistan bosgunlara, hususan-da owganystanly türkmenlere nähili kömek edip bilýär? Ýurduň kanunlarynda nähili mümkinçilikler göz öňünde tutulýar?
Azatlyk Radiosy türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.