Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmisi öldürildi


Çarçeno etrabynyň başlygy Ismaýil Hakýaryň ulagy onuň edara barýan mahaly partladylypdyr.
Çarçeno etrabynyň başlygy Ismaýil Hakýaryň ulagy onuň edara barýan mahaly partladylypdyr.

Owganystanyň günortasynda köçe ýaka partlamasynda iki adam, şol sanda ýerli etrap administrasiýasynyň başlygy öldi.

“Associated Press” habar gullugynyň Uruzgan welaýat häkimliginiň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Çarçeno etrabynyň başlygy Ismaýil Hakýaryň ulagy onuň edara barýan mahaly partladylypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Emma “Talyban” hereketi hökümet we howpsuzlyk güýçlerine hüjüm etmek üçin köçe ýaka bombalaryny ýygy-ýygydan ulanyp gelýär.

XS
SM
MD
LG