Kiýewiň sudy Ukrainanyň gündogarynda tussag edilen rus harbylarydygy çaklanylýan iki adamy 19-njy iýula çenli deslapky tussaghanada saklamak barada karar çykardy.
Ýewgeniý Ýerofeýew we Aleksandr Aleksandrow “terroristik hereketlere” gatnaşmakda aýyplanýarlar.
Şol bir wagtda, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow gürrüňi gidýän iki adamy azat etmek üçin “ähli tagallalaryň” edilýändigini aýtdy.
Russiýanyň “Nowaýa gazeta” neşiriniň web-saýtynda çap edilen wideoda Ýerofeýew we Aleksandrow 16-njy maýda Ukrainanyň gündogarynda ele salnan mahaly rus armiýasynda gulluk geçendiklerini aýtdylar. Moskwa olaryň tussag edilen pursady resmi gullukda bolmandyklaryny öňe sürýär.
Kreml Kiýewiň we Günbataryň Ukrainadaky orsýetparaz separatistleri ýarag we esger bilen üpjün edýändigi baradaky aýyplamalaryny inkär edip gelýär.
2014-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň gündogaryndaky başlanan konfliktde häzire çenli 6 müň 100 töweregi adam öldi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?