Hindistanyň çäginde howanyň aşa gyzmagy netijesinde azyndan 800 adam öldi. Hindi paýtagty Nýu-Delide howanyň temperaturasy selsiý boýunça 50 gradusa golaýlan mahaly, şäheriň ýollary eredi.
Hindistanyň resmileri ilatyň güne çykmazlygy üçin duýduryş berýär. Şeýle-de, keselhanalar gün urup ejir çekýän adamlary bejermek üçin taýýarlyk derejesine getirildi.
Howanyň gyzmagyndan iň köp ejir çekýän Andhra Pradeş welaýatynda howanyň temperaturasy selsiý boýunça 47 gradusy görkezýän mahaly, geçen hepde bu welaýatda 551 adam heläk boldy.
“Hindustan Times” atly gündelik neşiriň berýän maglumatyna görä, 25-nji maýda Nýu-Delide howanyň temperaturasy soňky iki ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine – 45,5 gradusa ýetdi.
Her ýylyň tomus aýlary Hindistanda aglabasy jemgyýetiň garyp gatlagyndan ybarat ýüzlerçe adam heläk bolýar.