Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwisti ýowuzlyklara sezewar edilendigini aýdýar


Adam hukuklaryny goraýan tanymal özbek aktiwisti ýurduň pagta pudagyndaky mejbury zähmet barada maglumatlary we delilleri ýygnanyndan soň, polisiýa tarapyndan tussag edilip, ýowuzlyklar we jynsy kemsitmeler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

“Özbek adam hukuklaryny goraýjylaryň bileleşigi” atly guramanyň ýolbaşçysy Elena Urlaýewa email arkaly ugradan hatynda özüniň 31-nji maýda Şinaz şäherçesinde tussag edilendigini aýtdy. Ol bu wakadan öň, resmiler tarapyndan pagta meýdanlarynda işlemäge mejbur edilýän mugallymlar bilen söhbetdeşlik geçirip, olary surata düşürendigini belleýär.

58 ýaşly Urlaýewanyň aýtmagyna görä, ol bu wakadan soň ýerli polisiýa merkezine alnyp gidilipdir.

“Human Rights Watch” guramasynyň düýbi Bişkekde ýerleşýän “Merkezi Aziýa barlag” merkezinden Stew Swerdlow Urlaýewanyň tussag edilmegi dogrusynda bu “özbek hökümetiniň ýurtdaky raýat jemgyýetiniň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmak üçin” edýän ýene bir tagallasy diýdi.

XS
SM
MD
LG