Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa: Gaburiç hökümeti terk edýär


Kiril Gaburiç, Kişinýow, 12-nji iýun, 2015
Kiril Gaburiç, Kişinýow, 12-nji iýun, 2015

Moldowanyň premýer-ministri öz bilimine degişli meseläniň daşynda soraglaryň ýüze çykmagyndan soň wezipesinden çekilýändigini aýtdy.

Kiril Gaburiç hökümet başyndan çekilýändigini derňewçileriň ony alan bilimi barada sorag etmeginiň yzýany 12-nji iýunda yglan etdi.

Gaburiç bu derňewleri “syýasy oýnuň guraly” diýip atlandyrdy.

Ol özüne garşy bildirilýän şubheleriň näderejede esaslydygy barada maglumat bermedi. Gaburiç özüniň syýasatçy däl-de, ýolbaşçydygyny aýdýar we ýurduň syýasy sistemasyny üýtgetmeli diýýär.

Ýewropa tarapdar biznesmen Gaburiç premýer-ministr wezipesine fewral aýynda geçdi.

Şu hepdäniň başynda Gaburiç Baş prokuroryň we Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň wezipelerini terk etmäge çagyrdy we olary Moldowanyň banklaryndan 1 milliard dollaryň ýitmegi bilen bagly iş boýunça derňewleriň netijesizliginde aýyplady.

Bu postsowet ýurdunda 14-nji iýunda ýerli saýlawlar geçiriler. Moldowanyň 2014-nji ýylda ÝB bilen Assosiasiýa barada ylalaşyk baglaşmagy Orsýetiň göwnünden turmandy.

XS
SM
MD
LG