Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý polisiýasy uýgur erkegini tüpeňledi


Hytaý polisiýasy demirýol stansiýasynda ýolagçylara kerpiçli hüjüm etmekçi bolan uýgur erkegini tüpeňläp, agyr ýaralady.

Sian şäheriniň demirýol polisiýasy ol adamyň 17-nji iýunda bilet aljak bolup nobata duran adamlaryň arasyna «sümendigini» aýdýar.

Polisiýanyň beýanatynda ol adama tüpeňlenmezinden öň ençeme gezek duýduryş berlendigi aýdylýar.

Tüpeňlenen adam hassahanada ýarasyndan jan beripdir.

Soňky ýyllar Hytaýyň uýgur azlygy bilen Han hytaýlylarynyň arasynda etniki zorluklar ýygjamlaşdy.

Geçen ýyl Kunmiň şäherindäki demirýol stansiýasynda 31 adam pyçaklanyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG