Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahat ilatdan üç ukrain öldi diýilýär


23-nji iýunda ukrain pitneçileri hökümet güýçlerini, Ukrainada separatist konflikti bes etmek maksady bilen Parižde geçirilýän gepleşikleriň öňýanynda amala aşyrylan hüjümlerde parahat ilatdan üç adamy öldürmekde aýypladylar.

23-nji iýunda Kiýewiň harby komandowaniýesiniň hem, çaknyşyklarda çeken adam ýitgisi barada maglumat bermegine garaşylýardy.

Öz-özüni ykrar eden “Donetsk halk respublikasynyň” komandirleri we syýasy liderleri hüjümleriň 22-nji iýunda amala aşyrylyp başlanandygyny we tutuş gije dowam edendigini aýtdylar.

Şu aý çaknyşyklarda heläk bolan esgerleriň we parahat ilatdan ýaşaýjylaryň sany 60-dan aşdy.

23-nji iýunda Russiýanyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri Parižde duşuşýarlar.

XS
SM
MD
LG