Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 27-nji hepde
1
Torbasynda suw alyp barýan oglanjyk. Şu günlerde Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary geçýändigi habar berilýär. Bu yssy howada ýaşaýjylar öz suwsuzylygyny gandyrmak üçin ýygy-ýygydan suw içýärler.
2
Mary welaýatyndaky stadionlaryň birinde gezelenç edip ýören adamlar we gyzlar.
3
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerine aýlanyp, garpyz satýan söwdagärler. Türkmenistanda howanyň yssy ýa-da sowukdygyna garamazdan, käbir köçe söwdagärleriniň gazanç etmek üçin ir säherden agşama çenli köçelere aýlanyp, söwda-satyk etmäge synanyşýandygy aýdylýar.
4
Aşgabadyň Gökdere jülgesindäki çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezlerine dynç almaga barýan çagalar Türkmen telewideniýesine ýazga düşürilýär. Bu sagaldyş merkezlerinde käbir çagalaryň dynç almaga mümkinçiligi bolsa, käbir ene-atalar bu merkeze öz çagalaryny ugradyp bilmeýändigini aýdýarlar. Olar munuň sebäbini ýollama satyn almagyň özleri üçin elýeterli däldigi bilen düşündirýärler.