Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Gepleşikler iň kyn meselelere diredi


Eýran we dünýä döwletleri 4-nji iýulda Wenada Tährana garşy sanksiýalary ýatyrmakda progres gazandylar.
Eýran we dünýä döwletleri 4-nji iýulda Wenada Tährana garşy sanksiýalary ýatyrmakda progres gazandylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 5-nji iýulda Wenada çykyş edip, Eýranyň ýadro gepleşiklerinde hakyky progresiň bolandygyny aýtdy we "emma biz entek, birnäçe iň kyn mesele sebäpli, barmaly ýerimize ýetip bilemzok" diýdi.

Şeýle-de ol gepleşikleriň iki tarapa-da gidip biljegini aýtdy.

Kerri žurnalistlere biziň ylalaşyga golaýdygymyzy ýa däldigimizi görkezjek wagt geldi diýdi.

Ol, eger-de absolýut barlyşyksyzlyk bolsa, Birleşen Ştatlaryň bu gepleşiklerden çykmaga taýýardygyny hem sözüne goşdy.

Eýran we dünýä döwletleri 4-nji iýulda uzaga çeken ýadro gepleşiklerinde Tährana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmakda progres gazandylar, emma Eýranyň geçmişdäki ýadro işjeňliklerini seljermek ýaly meselelerde başga-başga pikirlerde galdylar.

Diplomatlar ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmak mehanizmleri babatda deslapky şertnamanyň eýýäm öz ellerinde bardygyny aýtdylar.

Emma entek bu alty döwletiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň sanksiýalary ýatyrmak babatdaky rezolýusiýasynda, ýagny Eýran geljekki şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmedik ýagdaýynda olary gaýtadan girizmek meselesinde ylalaşyk gazanmaklary gerek.

Eýranyň esasy gepleşikçileriniň biri Abbas Aragçi sanksiýalar meselesinde entek «dört ýa bäş» sany çözülmedik meseläniň, şol sanda olaryň ýatyrylmagyny Tähranyň öz ýadro işjeňliklerini jylawlamak hereketleri bilen sinhronlaşdyrmak meselesiniň bardygyny aýtdy.

"Sanksiýalary ýatyrmak bilen Eýranyň tehniki borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň şol bir wagtda amala aşyrylmagy meselesinde çylşyrmly ýagdaýlar bar» diýip, ol aýtdy.

Gepleşikçiler Eýrany, belki-de indiki hepde baglaşylmagy mümkin ylalaşyga gelnenden soň, öz ýadro programmasyny gowşadyp başlamaga çagyrýarlar.

Emma bu, Aragçiniň aýtmagyna görä, dört aýa çenli wagt alar. Şeýle-de ol Eýranyň bu ysgyndan gaçyryjy sanksiýalaryň ýatyrylmagyna beýle uzak garaşmak islemeýändigini nygtady.

"Bu biz üçin problema bolar» diýip, ol aýtdy.

Aragçi bu gepleşikleriň indiden soňam puç bolmagynyň mümkindigini duýdurdy.

"Eger biz öz bellän çäklerimize hormat goýulýan ylalaşyga gelip bilsek, ylalaşyk bolar. Eger bu başgaça bolsa, onda biz Tährana elimiz boş gaýtmagy ibaly göreris" diýip, ol aýtdy.

BMG-niň sanksiýalaryny ýatyrmak, beýleki çatak dawalar bilen bile, 5-nji iýulda Awstriýanyň paýtagtyna gelip, ylalaşyga soňky itergini berjek daşary işler ministrlerine galdyrylar diýip, resmiler aýtdylar.

"Hatda meseleler ekspertler derejesinde çözlen halatynda hem, käbir açyk soraglar saklanyp galar we olar diňe ministrler tarapyndan çözlüp biler» diýip, ABŞ-nyň uly derejeli resmisi žurnalistlere aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi, öz ýurtlarynyň ekspertleri bilen, Wenada galmagy dowam etdirýär. Kerri bilen Zarif 4-nji iýulda iki gezek duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Sanksiýalary ýatyrmak ABŞ, Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa we Orsýet tarapyndan teklip edilýär we Eýran muňa derek öz ýadro programmasyny azyndan on ýyl jylawlamaly.

Gepleşikçiler jemleýji ylalaşyk üçin 30 iýuna bellenen soňky möhlete ýetişmediler we özlerine 7-nji iýula çenli wagt aldylar.

Taraplaryň ählisi ylalaşygyň elýeterlidigini aýdýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG