Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýalylar ses berýär


Gresiýada ýurduň 10 million raýaty Ýewropa liderleriniň teklip eden täze tygşytlylyk çärelerini kabul etmelimi ýa däl diýen meseläni sese goýýar.

Eger bu teklip ret edilse, onuň Gresiýany ýewro zonasyndan daşa itmegi mümkin.

Referendum ýurduň çepçi premýer-ministri Aleksis Tsipras tarapyndan çagyryldy. Ol saýlawçylary, ýewropa liderleriniň alty ýyllyk gaýtygynlykdan soň teklip edýän çärelerini ret edip, «gorka» we «terrorizme» garşy ses bermäge çagyrdy.

Tsipras 5-nji iýulda Afinada bir saýlaw uçastogynda ses berip, žurnalistlere şeýle diýdi:

«Şu gün grek halky mertebäniň we aýgytylylygyň örän güýçli yşaratyny berýär – ol yşarat olaryň öz ykballaryny özleriniň kesgitleýändigini aýdýar. Hökümetiň islegini köp adam görmezlige salyp biler, emma halkyň kesgitli ýaşamak we öz ykbalyny öz eline almak islegini hiç kim görmezlige salyp bilmez."

Tsipras, saýlawlarda diýen geçmese, işden çekiljegini aýtdy.

Referendumda «ýok» we «hawa» seslerini berjekleriň ýurdy iki bölege bölendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG