Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin täze döreýän güýçleriň liderleri bilen Orsýetiň Ufa şäherinde sammit geçirýär.
Bu sammite umuman Moskwanyň Günbatar bilen Ukraina üstünde dörän gapma-garşylyk zerarly izolýasiýa düşmändigini görkezmek synanyşygy hökmünde garalýar.
BRICS ýurtlarynyň – Braziliň, Orsýetiň, Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Afrikanyň liderleri gündogar Ukrainadaky ganly çaknyşyk barada «çuňňur alada» bildirilýän jarnama kabul etdiler.
Bu dokument taraplaryň ikisini hem fewralda Ukraina, Orsýet we pitneçiler tarapyndan, ÝHHG-nyň gatnaşmagynda baglaşylan ýaraşyk şertnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge çagyrdylar.