Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Onuň 'problemasy' ýok


Murid Barguti, palestin şahyry
Murid Barguti, palestin şahyry

Goşgularynda, "Men Ramallany gördüm" atly liriki kyssasynda şahyr we ýurt, aýralyk temasyny aýratyn inçelik bilen işlän palestin şahyry Murid Barguti agzalanda, onuň "balykdan hatda balykçynyň torundaka-da deňziň ysy gelýär" diýen sözleri ýada düşýär.

Murid Barguti 1967-nji ýylda, alty günlük Arap-Ysraýyl urşy başlanda Kairde student eken we şondan soň ol dogduk mekany Palestina goýbärilmeýär. 1977-nji ýylyň güýzünde, Anwar Sadatyň Ysraýyla dawaly saparyndan öň bolsa, ol Müsürden hem deportasiýa edilýär we 17 ýyllap Kairdäki maşgalasynyň ýanyna goýberilmeýär, çagalary bilen başga ýurtlarda duşuşýar.

Barguti ilkinji goşgulary ýygyndysyny 1972-nji ýylda, Beýrutda çap etdirýär. Şondan bäri onuň 12 sany goşgular ýygyndysy çap edilipdir.

Bargutiniň Oslo şertnamasyndan soň, 1996-njy ýylda, 30 ýyl aýralykdan soň ýurduny görüp ýazan we 1997-nji ýylda çap etdiren "Men Ramallany gördüm" romany edebiýat üçin berilýän Naguib Mahfouz medalyna mynasyp bolýar.

2000-nji ýylda bolsa ol poeziýa üçin Palestina sylagy bilen sylaglanýar. Onuň goşgulary arap we iňlis dillerinde (Al Ahram Weekly, Banipal, The Times Literary Supplement we Modern Poetry in Translation neşirlerinde) çap edilýär.

Barguti arap we iňlis dillerinde poeziýa barada çap edilen esseleri bilen hem meşhurlyk gazanýar. Ol The Guardian gazetinde Maýa Jaggi bilen eden söhbetdeşliginde şeýle diýýär: "Men baglardan sapak alýaryn. Olar bişmezden öň, gör, näçe miwäni ýere taşlaýar. Men goşgy ýazamda, olara sagdyn gazap bilen daraýaryn, has gowularyny saýlap almak üçin köp setiri öçürýärin."

Tanymal palestin şahyry Murid Bargutiniň goşgularynyň heniz türkmen şygyr muşdaklaryna ýetirilmändigini nazara alyp, biz onuň bir goşgusynyň iňlisçeden terjimesini okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik.

Meniň problemam ýok

Men özüme syn edýärin:
meniň problemam ýok.
Daş görnüşim allanäme,
hatda käbir gyzlara
geňsi görner çal saçlarym;
gözäýnegim bir eýjejik ýasalan,
a bedenmiň gyzgyny otuz ýedi ylaýyk,
köýnegim ütüklengi,
aýakgabym gysanok.

Meniň problemam ýok.
Ellerim gandally däl,
dilim entek susdurlanok,
hemem häzirlikçe türmä,
dar kapasa gabalamok,
işimdenem kowulamok,
zyndandaky garyndaşlaň käbirin
görjek diýsem käte diýenoklar ýok,
ygtyýar berýärler käbir ýurtlarda
zyýarata barjak diýsem,
ölenlermiň mazaryna.

Meniň problemam ýok.
Dostumyň başyndan şah çyksa ýaryp,
aňk bolup, agzymy açamok haýran.
Men onuň görnetin guýrugyn eşik
aşagynda bukuşyna guwanýan,
hem halaýan ümsüm penjelerini.
Emma onuň birden bogmagam ahmal,
öldürmegem ahmal meni,
emma men bagyşlaryn,
sebäbi ol dostum meniň jana-jan;
agyrdyp, ynjydyp biler her haçan.

Meniň problemam ýok.
Indi TW diktorynyň ýylgyrşy
edil öňki ýaly hassa edenok,
öwrenişdim haki geýen kişileň
saklaýşyna gije-gündiz
maňa meňzeşleri köçe-haýatda.
Şu sebäpden şahsy dokumentlerim
ýanyma almagy saklaýan ýatda,
suwa düşenimde howuzda hatda.

Meniň problemam ýok.
Emma düýn hyýallarym mündi gijeki otla,
tapmadym men olara sagbol diýmegiň ugrun.
Soň ol otlyň agdarlanyn eşitdim,
ot bitmeýän derede
(diňe sürüjisi galypdyr gurgun).
Alkyş aýtdym ýaradana tükenmez,
hemem şükür etdim, çünki
garabasmalarym kiçi,
ýöne umyt edýän olar uly arzuw bolar bir gün.

Meniň problemam ýok.
Men özüme bakýan dikan,
doglanymdan şu güne çen.
Emma göwnüm çökse ýatlaýan hökman
ölümden soň ömür barny;
ömür baryn ölümden soň,
meniň problemam ýok.
Emma men soraýan, Taňrym,
ölümden öň ömür barmy?

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:12 0:00

XS
SM
MD
LG