Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Yrakdaky gyrgynçylygy ýazgarýar


Han Bani Saad bazaryndaky partlamadan soň.
Han Bani Saad bazaryndaky partlamadan soň.

Ak tam 17-nji iýulda Yragyň mähelleli bazarynda amala aşyrylan ganly bomba hüjümini ýazgardy, «Yslam döwleti» ekstremist topary tarapyndan gurnalan ulag partlatmasynda azyndan 120 adam heläk boldy.

Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Ned Praýz 18-nji iýuldaky beýanatynda Yragyň Diýala welaýatyna edilen hüjümi «aýylganç» diýip atlandyrdy we «Yslam döwleti» toparynyň bilkastdan asuda ilaty nyşana almagyny berk ýazgardy.

Diýala welaýatynyň gubernatory Muthana al Tamiminiň aýtmagyna görä, ölenleriň sany 120-ä ýetdi we bu sanyň ýene artmagy mümkin, sebäbi partlama netijesinde ýaraly bolanlar 130 adamy öz içine alýar.

Partlamada Bagdadyň 30 km çemesi gündogar-demirgazygynda ýerleşýän Han Bani Saad şäherindäki jaýlaryň hem bir topary weýran boldy. Bu şäherde esasan şaýylar ýaşaýar we pidalaryň köpüsi Remezan aýynyň soňunda bellenýän Eýd al-Fitr baýramçylygy sebäpli bazara gelen adamlardyr.

“Diýala welaýatynyň gaýratly adamlarynyň we «Yslam döwleti» tarapyndan ýanalýan ähli yraklylaryň adyndan, Birleşen Ştatlar yrak hökümetini we onuň howpsuzlyk güýçlerini, bu terror guramasyny gutarnykly derbi-dagyn etmek işinde goldamagyny dowam etdirer” diýip, Praýz aýtdy.

Şeýle-de ol Waşington Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi bilen işleşmek, «Yrakdaky we halkara jemgyýetçiligindäki ýaranlarymyz bilen «Yslam döwleti” toparyny ýok etmek» borçlaryna ygrarly galýar diýdi.

YD jeňçileri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp, bombaçynyň üç tonna partlaýjy ýüklenen maşyny sürüp barandygyny aýtdylar.

Partlamadan soň gazaba münen adamlar, gaýgy-gamdan we gahardan ýaňa, duran maşynlaryň aýnalaryny döwdüler.

Bu hüjümden soň, habarlarda aýdylmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri Diýala welaýatynyň daşyny gurşadylar we ýerli häkimiýetler Eýd baýramçylygyny bellemegi goýbolsun edip, üç günlük ýas yglan etdiler.

"Biziň ýurdumyzda terror nökerlerine hiç bir orun bolmaz, olar jezadan gaçyp gutulmaz. Olaryň jenaýatlary biziň olary gözläp tapmak we jezalandyrmak babadaky erjelligimizi güýçlendirer» diýip, Al-Abadi aýtdy.

Ýerli telewideniýede görkezilen wideoýazgylarda ýykylan jaýlaryň harabalarynyň, ýanan maşynlaryň arasynda pytrap ýatan jeset bölekleri görünýär.

Welaýat geňeşiniň resmisi Mohammed Al-Hamadani partlamada azyndan 50 dükanyň, 75 awtomobiliň weýran bolandygyny aýtdy.

"Bani Saad bazarynda bolan zat bigünä adamlara garşy edilen gyrgynçylyk" diýip, Al-Hamadani aýtdy.

Şu aralykda YD jeňçileri 18-nji iýulda Müsüriň harby barlag nokatlarynda amala aşyrylan we ýurduň bäş harbysyny öldüren hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG