Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FDB: ‘YD’ ‘Al-Kaýdadan’ has howply


ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosynyň (FBI) müdiri James Komeý
ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosynyň (FBI) müdiri James Komeý

“Yslam döwletiniň” “kynçylykdaky ynsanlary” zorluga ündemek boýunça tagallalary “Al-Kaýdanyň” hüjümlerinden has uly terrorçylyk howpuny döredýär, diýip ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosynyň (FBI) müdiri 22-nji iýulda aýtdy.

James Komeý “Al Kaýdanyň”, hususan-da onuň Siriýadaky “Horasan” bölüminiň ABŞ-nyň howa zarbalarynyň netijesinde “düýpli derejede gowşadylandygyny” belledi. “YD”-nyň bolsa, tersine “täsir astyna tiz düşýän” we “kynçylykdaky ynsanlary” sosial media arkaly öz tarapynna çekmekde we Ýakyn Gündogara baryp bilmeýänleri öz bolýan ýerlerinde adamlary öldürmäge ündemekde barha netijeli hereket edýändigini Komeý aýtdy.

Ol “YD”-nyň Twitter eýerijileriniň sanynyň 21 müň adamdygyny belledi.

Komeý “Yslam döwletiniň” “Al Kaýdanyň” hiç wagtda ulanmadyk adamlaryndan, durnuksyz we neşe ulanyjy adamlardan peýdalanýandygyny belledi.

Bir ýyl mundan ozal Federal Derňew Býurosy “YD” howpuny ret edip, “Al-Kaýda” bilen bagly toparlaryň hüjümlerine has köp aladalanma bildirýärdi.

XS
SM
MD
LG