Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetde harby türgenleşik geçdi


Prezident G.Berdimuhamedow
Prezident G.Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Owganystan bilen aradaky döwlet araçäginiň golaýyndaky Tagtabazar serhet birikmesinde harby-taktiki okuw türgenleşigi geçirildi.

Sişenbe güni geçirilen bu harby türgenleşikde “serhedi bozup, ýurduň çägine aralaşmakçy bolýan ýaragly topar” diýlip häsiýetlendirilen şertli garşydaşa gaýtawul berildi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň bu ýere edýän saparyna gabatlanyp geçirilen harby türgenleşige pilotsyz aňtaw uçarlary hem gatnaşdyryldy. Ýakynda Türkmenistanda açylan pilotsyz uçarlaryň merkezinde öndürilendigi aýdylýan bu dronyň döwlet araçäklerine gije-gündiz gözegçilik edip bilýändigi habar berilýär.

Serhetde harby türgenleşik geçdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Pilotsyz uçar serhediň golaýynda “ýeňil ulaglardaky näbelli ýaragly toparlaryň” üstüni açandan soň, bu ýere türkmen serhetçileriniň “Zu-23” zenit ulgamly we “LRAD” akkustik enjamly ýeňil bron ulaglary hem-de dikuçarly mergenler ugradyldy.

Türkmen serhetçileri uzak aralykdaky şertli garşydaşyň hereketleriniň öňüni almak üçin “IVECO” kysymly ulaglarynda oturdylan “LRAD” enjamyndan peýdalanýarlar.

Türgenleşikleriň çäginde serhedi bozan “ýaragly topara” garşy iki dikuçar, şeýle-de “Brauning” pulemýoty bilen üpjün edilen “Awgusta-139” kysymly iki sany harby dikuçar ulanyldy.

Serhedi bozan “ýaragly topara” artilleriýa toplaryndan we “D-30” kysymly gaubisadan hem ot açyldy.

11-nji awgustda geçirilen türgenleşiklere “T-72” tanklary, “BMP-2”, “COBRA”, “BTR-80”, “SURVIVOR” bronly tehnika hem gatnaşdyryldy.

Türgenleşikleriň netijesinde serhedi bozan şertli garşydaşyň “doly ýok edilendigi” habar berildi.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, prezidentiň gözegçiliginde geçirilen bu harby-taktiki okuw türgenleşigi Owganystanyň demirgazyk raýonlarynda – türkmen-owgan serhediniň töwereklerinde – howpsuzlyk ýagdaýlarynyň dartgynlaşan pursadyna gabat geldi.

Ýatlap geçsek, geçen ýyl 744 km golaý türkmen-owgan serhedine azyndan iki gezek hüjüm edilip, onda ençeme türkmenistanly serhetçi öldürildi.

Tagtabazara eden bir günlük saparynyň çäginde prezident G.Berdimuhamedow serhet birikmeleriniň täze binalarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG