Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýada 'howpsuz zona' döredýär


Dawutogly, howp abanan ýagdaýynda, Türkiýäniň harby güýjüni ulanyp biljekdigini hem mälim etdi.
Dawutogly, howp abanan ýagdaýynda, Türkiýäniň harby güýjüni ulanyp biljekdigini hem mälim etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu öz ýurdunyň Siriýanyň demirgazygynda, serhediň aňry ýüzünde howpsuz zonany döretmek kararyna gelendigini we bu ýerde graždan ilatyň Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýa-da “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň hüjümlerinden howpsuz bolup biljekdigini aýtdy.

Dawutoglunyň BBC agentligine 11-nji awgustda aýtmagyna görä, howpsuz zona Türkiýäniň harbylary tarapyndan däl-de, Siriýanyň “aram” oppozision toparlary tarapyndan goralar.

Emma Dawutogly, howp abanan ýagdaýynda, Türkiýäniň harby güýjüni ulanyp biljekdigini hem mälim etdi.

11-nji awgustda irden Türkiýäniň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň we Türkiýäniň uzynlygy 98 kilometrlik we giňligi 45 kilometrlik howpsuz giňişligi döretmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy we bu giňişlige Siriýanyň oppozision Azat Armiýasy tarapyndan gözegçilik ediljekdigini habar berdi.

Bu giňişlik Türkiýäniň we Siriýanyň arasyndaky serhetde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň gözegçiligi astynda galýar.

Emma Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner: “Munuň ýaly bir zona barada ylalaşyk ýok” diýdi.

Mark Toner Waşington “münberden we beýleki ýerlerden ol ýerde zonanyň, howpsuz penanyň ýokdugyny açyk aýtdy. Biz bu ýerde bu barada gürrüň etmeýäris. Biz YD toparynyň söweşijilerini regiondan çykarmak üçin dowamly tagalla barada gürrüň edýäris” diýdi.

Kürtleriň Türkiýedäki syýasy liderleri “howpsuz zonany” Ankaranyň kürtleri demirgazyk Siriýada, türk serhedine golaýda öz giňişligini döretmekden saklamak boýunça tagallasy diýip atlandyrýarlar.

Olar Türkiýäniň “Yslam döwleti” toparyna we demirgazyk Siriýada YD toparyna garşy söweşýän kürtlere kömek berýän PKK-niň kürt gozgalaňçylaryna hüjüm etjekdigini yglan edeli bäri YD-nyň söweşijilerine gaşy diňe sanlyja zarba urlandygyny, emma munuň tersine PKK-niň söweşijilerine garşy 400-dan gowrak howa zarbasynyň urlandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG