Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Azerbaýjanda radar sistemasyny gurmakçy


Orsýetiň Goranmak ministrligine degişli “Zwezda” telekanaly Moskwanyň Azerbaýjanda we Arktik aýlawynda ir habar berýän radar stansiýalaryny gurmak planlary barada habar berdi.

Radar stansiýalary uly giňişliklere howadan gözegçilik etmek üçin niýetlenýär.

“Zwezda” telekanalynyň 18-nji awgustda ýaýradan maglumatyna görä, Woronež-DM radarynyň gurluşygy Azerbaýjanyň sowet döwründäki Kabala harby kompleksinde 2017-nji ýylda başlanar we 2019-njy ýylda tamamlanar.

Täze radar köne sowet radar sistemasynyň (Darýal ) ornuny tutar. Orsýet ony 2012-nji ýylda Baku bilen kireýniň bahasynyň üstünde dawanyň döremegi bilen baglylykda ulanmagyny bes edipdi.

XS
SM
MD
LG