Gazagystanyň teňňesiniň hümmeti 20-nji awgustda, hökümet öz pul çalyşmak sistemasyny ýatyranyndan soň, amerikan dollarynyň garşylygynda 26 prosent aşak gaçdy, hökümet bu çäräni puluň erkin alyş-çalyş edilmegine ýol açmak üçin gördi.
Premýer-ministr Karim Masimow 20-nji awgustda Milli bankyň we hökümetiň derhal täze pul syýasatyny ýola goýýandygyny yglan etdi.
Bu karar nebitiň bahasy babatda gümürtik çaklamalaryň edilýän wagtyna gabat geldi. Gazagystanyň ykdysadyýeti esasan nebite garaşly.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 19-njy awgustda ýurduň ykdysadyýeti nebitiň her barreliniň bahasynyň 30-dan 40 dollara çenli bolmagyny nazara alyp planlaşdyrylmaly diýdi.