Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýylowanyň sudy jemlenýär


Azerbaýjanly prokurorlar 20-nji awgustda Bakuwda žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň garşysyna geçirilýän ýapyk sudy jemlediler.

Prokurorlar suddan 39 ýaşyndaky Ysmaýylowa berilmeli tussaglyk möhletini soramak üçin özlerine goşmaça ýene bir gün berilmegini talap etdiler.

Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden we Azerbaýjandaky korrupsiýa barada ýazan žurnalist ogurlykda, salgytdan gaçmakda, wezipeden galp peýdalanmakda aýyplanýar.

Ysmaýylowa özüne bildirilýän aýyplary ret edýär.

Eger günäli tapylsa, oňa 17 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar. Halkara günä geçiş guramasy Ysmaýylowany «wyždan ýesiri» diýip atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG