Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: Prezidentiň sapary ilata ýük bolýar


Prezident G.Berdimuhamedow Daşoguzda, 24-nji mart, 2014.
Prezident G.Berdimuhamedow Daşoguzda, 24-nji mart, 2014.

Düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» topary ýurduň demirgazyk regionynyň paýtagtynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşogza etjek saparyna taýýarlyk görülýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň resmi metbugaty adatça bu hili saparlar barada diňe prezident uçar meýdanyna baryp, ýola düşeninden soň ýa-da sapar menziline baranyndan soň habar berýär. Şeýle-de türkmen metbugaty prezidentiň regionlara saparynda täze desgalaryň dabaraly açylyşyny, bu wakanyň ýerli ilat tarapyndan şatlykly garşylanyşyny görkezýär.

Azatlyk radiosy türkmen lideriniň Daşogza etjek sapary bilen baglylykda bu hili saparlaryň ýerli ilatyň durmuş-ýaşaýşyna ýetirýän täsiri bilen gyzyklanyp, «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Farid, siz özüňiziň «Türkmenistanyň hronikasy» websaýtyňyzda prezident Berdimuhamedowyň Daşogza saparyna taýýarlyk görülýändigini habar berýärsiňiz. Eýsem Daşoguzda prezidentiň saparyna anyk nähili taýýarlyk görülýär?

Farid Tuhbatullin: Dogrudanam, biziň maglumatlarymyza görä, awgustyň aýagynda ýa-da sentýabryň başynda prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna sapar etmegi planlaşdyrýar. Häzir Daşoguzdaky ýerli häkimiýetler şäheri talabalaýyk görnüşe getirmegiň tagallasyny edýärler, ýagny köçeleri, ýadygärlikleri ýuwýarlar, jaýlary ýaşyl üçek bilen basyrýarlar, şeýle-de iki desgany, maňa mälim bolşuna görä, prezidentiň rezidensiýasyny we dört gatly çagalar lagerini gurup gutarmaga çalyşýarlar. Häzir bu lageriň soňky işleri alnyp barylýar we, belki-de, prezident bu desganyň dabaraly açylyşyna gatnaşar.

Azatlyk radiosy: Farid, siz edara-kärhanalaryň käbir işgärlerine gül almak tabşyrygynyň berlendigini, käbir mekdepleriň okuwçylarynyň kanikuldan yzyna çagyrylandygyny hem ýazýarsyňyz. Eýsem prezidentiň şunuň ýaly saparlary ýerli ilatyň durmuşyna nähili täsir ýetirýär?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, prezidentiň islendik wagtda ýurduň islendik regionyna sapar etmegi ýaşaýjylar üçin ullakan ýük bolýar. Sebäbi sapar mahaly olaryň hukuklary kesgin çäklendirilýär, howa ýagdaýyna garamazdan, býujet işgärleri, studentler, mekdep okuwçylary köplenç duşuşyk repetisiýasyna ýa-da ýakyn töwerekleri arassalamak işlerine çekilýär. Bu bolsa raýatlaryň adaty durmuşyna çynlakaý täsir ýetirýär.

Bizde bar bolan maglumatlara görä, awgustyň başynda «Köpetdag» stadiony açylanda hem müňlerçe adam ençeme sagatlap prezidentiň gelmegine garaşdyrylypdyr. Şonda, yssyda açyk meýdanda uzak durmaga ýaramadyk adamlar üçin «tiz kömek» maşynyny çagyrmaly bolupdyr.

Bu hili çärelere çagalary, garrylary we aýallary hem çekýärler. Şu sebäpden, meniň pikirimçe, bu ilat üçin örän çynlakaý ekzamen, örän çynlakaý barlag bolýar.

Azatlyk radiosy: Farid, bizde regionlaryň ilaty prezidentiň öz ýaşaýan ýerlerine gelmegine, desgalary açmagyny begenýär diýen maglumat hem bar, sebäbi bu ýagdaýda şähere serenjam berilýär, täze iş ýerleri hem döredilýär. Siz bu ýerde pozitiw zat görmeýärsiňizmi?

Farid Tuhbatullin: Hakykatda hemmesi beýle hem däl. Mysal üçin meniň gürrüňini eden täze gurluşyklarym tamamlanyp, desgalar ulanylmaga berlende, şol gurluşykda işlän adamlar işlerinden mahrum bolýarlar.

Prezidentiň öz wagtynda obalary ösdürmek barada programma kabul edendigine garamazdan, regionlarda beýle bir uly gurluşyklar alnyp barylmaýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, nobatdaky gurluşyk tamamlananda ol ýerde işleýän işçileriň köpüsi işsiz galýar.

Anyk Daşoguz barada aýdylanda, «Altyn asyr» kölüniň uzak ýyllar alnyp barlan gurluşygy tamamlandy diýlende, birbada 400-den gowrak adam işini ýitirdi, bu gurluşykda esasan daşoguzlylar işläpdi.

Gynansak-da, bu ýagdaý gaýtalanyp durýar. Eger fabrikler, zawodlar gurlup, dowamly işleýän bolsa, onda hawa, dogrudanam hemişelik iş ýerleriniň döredilişi barada gürrüň edip bolardy.

Emma adamlary diňe gurluşyklarda ulansalar we olar gurluşyk gutaransoň ýene işsiz galsa, elbetde, bu ýerli ilat üçin düýpli mesele we işsizlik problemasyny çözmeýär.

XS
SM
MD
LG