Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko birlige çagyrýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň ähli syýasy güýçlerini birlige hem-de özüniň konstitusiýany üýtgedip, ýurduň gündogaryndaky separatizm kronfliktini soňlamak, "rus agressiýasyny» ýeňmek planlaryny goldamaga çagyrdy.

Poroşenko Kiýewde, Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky baýdak galdyrmak dabarasyna gatnaşyp, öz koalision ýaranlaryny ikirjiňlenmelerini bes edip, gündogar Ukrainadaky separatist pikirli sebitlere ýörite durum bermek baradaky konstitusiýa düzedişleri üçin ses bermäge ündedi.

Teklip edilýän düzedişler parlamentde 31-nji awgustda sese goýulmaly. Emma bu düzedişler Poroşenkonyň günbatarçy koalisiýasyny iki bölege böldi.

XS
SM
MD
LG