Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanunçysy ABŞ diplomatyna gadaganlyk isleýär


Rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň agzasy ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we onuň orunbasarlarynyň Moskwanyň sanksiýalar sanawyna girizilmegine çagyrýar.

Federasiýa geňeşiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň agzasy Igor Morozow 26-njy awgustda RIA-Nowosti habar gullugyna bu çäräniň Birleşen Ştatlardan ar alyş boljagyny, ýagny Waşingtonyň palatanyň spikeri Walentina Matweýenkonyň Nýu-Ýorka etjek sapary üçin çäklendirilen wiza berendigini aýtdy.

Matweýenko Orsýetiň geçen ýyl Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etmegine ilteşigi sebäpli Birleşen Ştatlaryň gadaganlyk sanawyna girizilipdi.

Ol geljek hepde BMG-niň edarasynda halkara parlament bileleşiginiň çärelerine gatnaşmakçy bolupdy.

Sanksiýalar resmileriň BMG çärelerine gatnaşmagyny gadagan etmeýär, emma parlament topary ol ýerde diňe synçy statusyna eýe bolup durýar.

XS
SM
MD
LG