Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan separatistleriň lideri öldürildi diýýär


Pakistanyň Bulujystan regionynyň ýokary derejeli resmisi “Buluj azat ediş fronty” (BLF) atly gadagan edilen separatist guramasynyň lideriniň öldürilendigini aýdýar.

Regionyň içerki ministri Sarfaraz Bugti 8-nji sentýabrda regionyň paýtagty Kwettada eden çykyşynda, “tassyklanmadyk maglumatlara görä” Allah Nazar Buluj howpsuzlyk güýçleriniň operasiýasynyň netijesinde öldürildi diýdi.

Bulujystan buluj toparlarynyň milletçileriniň we separatistleriniň gozgalaňlarynyň merkezi bolup, separatistler gazdan we tebigy resurslardan gelýän girdejilerden paý almagy we Yslamabatdan awtonomiýa eýe bolmagy isleýärler.

Şeýle-de region “Talybanyň” söweşijileriniň, neşe gaçakçylarynyň, adam ogurlamagyň we hökümet tarapyndan goldanýan janyndan geçen ýarym harby hüjümçileriň merkezi hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG