Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet HMF-nyň Ukraina maliýe kömegine garşy


Orsýet eger Kiýew 3 milliard dollarlyk karzyny dekabrda gaýtaryp bermese Halkara Maliýe Fondunyň (HMF) Ukraina üçin maliýe kömegine garşy çykjakdygyny duýdurdy.

Eger Ukraina töleg tölemese “biz degişli ýuridiki guramalara ýüzleneris”, diýip 7-nji sentýabrda maliýe ministri Anatoliý Siluanow aýtdy. Şeýle-de ol “biz HMF-nyň agzasy bolup, onuň Ukraina üçin programmasynyň ukybyny sorag astyna goýarys’, diýdi.

Ukrainanyň karzlarynyň ýarysyna eýe bolan kreditorlar topary geçen aýda täze şertleri kabul edip, bergileriň 20%-den geçmek we bergileriň tölenmeginiň möhletini ýene dört ýyla uzaltmak bilen ylalaşdylar.

Orsýet ýaly beýleki kreditorlar ylalaşyk boýunça şu aýda ses bererler.
HMF-nyň Ukraina 17.5 milliard dollarlyk karzyna gaýtadan seretmek çäresi ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistler bilen dowam edýän uruş zerarly şu ýyl ýene 10% pese düşmegi çak edilýän ykdysadyýeti goldamaklyga gönükdirilýär.

XS
SM
MD
LG