Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ýene bir žurnalist öldürildi


Pakistanyň Karaçi şäherinde pakistanly žurnalist öldürildi.

Aftab Alam 9-njy sentýabrda öz öýüniň golaýynda şahsyýeti anyklanmadyk ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürildi.

Žurnalist dürli telewizion kanallar bilen işleşipdi.

Bu, Karaçide 24 sagadyň dowamynda žurnalistlere edilen ikinji hüjümdir.

Polisiýa 8-nji sentýabrda ýaragly adamyň Pakistanyň iň uly hususy Geo TW telekanalynyň awtoulagyny oka tutup, tehniki işgär Arşad Ali Jafrini öldürendigini we beýlekileri ýaralandygyny habar berdi.

Hüjümden soň žurnalistler bileleşigi media işgärleri üçin howpsuzlyk şertlerini güýçlendirmäge we hüjümçileriň tussag edilmegini tizleşdirmäge çagyryş etdi.

Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy komitet Pakistanda 1992-nji ýyldan bäri 50-den gowrak media işgäriniň öldürilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG