Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada bosgunlary goldaýarlar


12-nji sentýabrda Ýewropanyň paýtagtlarynda bu kontinente has kän bosgun kabul etmegiň goldawyna köpçülikleýin ýygnanyşyklar geçirildi.

Emma bosgun kabul etmäge garşy guralan demonstrasiýalara has az adam geldi. Onlarça müň adam merkezi Londonda ýöriş geçirip, hökümeti siriýalylara has köp kömek etmäge çagyrdy.

Daniýanyň polisiýasy Kopenhagende 30 müň çemesi adamyň ýygnanyp, iňlisçe "Muny gaty gygyryp aýt we açyk aýt: bu ýerde bosgunlara gapy açyk» diýip gygyrandygyny aýtdy.

Migrantlara tarapdar ýygnanyşyklar Germaniýada, Fransiýada, Ispaniýada we beýleki ýerlerde hem planlaşdyryldy.

Şu arada Warşawada 5 müňe golaý adam migrantlara garşy proteste çykdy we yslama garşy şygarlara gygyrdy.

Daniýanyň german serhedine golaý Padborg obasynda 150 çemesi adam toplanyp, Daniýa girilýän serhediň ýapylmagyny talap etdi.

Şu ýyl Ortaýer deňzinden Ýewropa 430 müňden gowrak adamyň geçendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG