Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Syýahat gadaganlygyny bes etmeli


HRW-nyň logosy
HRW-nyň logosy

Türkmen häkimiýetleri 14 ýaşly gyzyň we onuň daýzasynyň ýurtdan çykmagyna hem-de daşary ýurtdaky ene-atasyna goşulmagyna bikanun päsgelçilik döredýär diýip, «Human Rights Watch» guramasynyň 18-nji sentýabrda Berlinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Häkimiýetler ozal onuň kakasy, at ýetişdirýän ekspert Geldi Kärizowy on aýlap, eden-etdilikli ýagdaýda, Türkmenistandan çykjak bolanda iki gezek ýolundan sakladylar we ol ahyrynda, 2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda, medisina bejergisini almak üçin, ýurtdan çykdy diýip, hukuk guramasy ýazýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri onuň gyzy Sofianyň we onuň daýzasynyň Türkmenistanda, Geldi Kärizowyň yzyna dolanyp gelmegine «kepillik» hökmünde saklanjagyny açyk aýtdylar.

“Biz Geldi Kärizowyň häzir Orsýete gelip, Türkmenistanda gören agyr görgülerinden soň, özüne juda zerur bolan medisina bejergisini almaga mümkinçilik tapanyna örän şat» diýip, Hýuman Raýts Wotç guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýdýar.

Sofianyň we Ýelenanyň ykbaly

«Emma biz Sofia Kärizowanyň we Ýelena Serebrýannigiň ykbaly babatda hem deň derejede alada edýäris, olaryň hereket azatlygy we öz ýurdundan erkin çykmak hukuklary eden-etdilikli ret edilýär. Türkmen häkimiýetleri olaryň ýurtdan çykmagyna derhal rugsat bermeli» diýip, Denber sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistan bilen Partnýorluk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanmagyna garaşýan Ýewropa Bileleşigi, onuň agza döwletleri, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň hökümeti türkmen häkimiýetlerini Sofia Kärizowany we Ýelena Serebrýannigi derhal ýurtdan goýbermäge, olaryň öz daşary ýurtdaky maşgalasyna goşulmak hukukgyny ulanmagyna ýol bermäge çagyrmaly diýip, HRW ýazýar

Kärizow 2015-nji ýylyň awgustynda we 2014-nji ýylyň dekabrynda öz gyzy Sofia, aýalynyň dogany Serebrýannik bilen ýurtdan çykmaga synandy, emma ol ýolundan saklanyldy. Türkmen häkimiýetleri oňa diňe özüniň, Geldi Kärizowyň syýahat gadaganlygy astynda saklanýandygyny aýtdylar, emma möhür basylan biletleri olaryň üçüsiniň hem ýurtdan çykmagynyň gadagan edilendigini görkezýär.

Türkmenistanyň howpsuzlyk resmileri 12-nji sentýabrda Kärizowa onuň ýurtdan gidip biljekdigini, emma gyzynyň we aýalynyň doganynyň Kärizow yzyna dolanýança ýurtda galmalydygyny aýtdylar.

“Bu, elbetde, türkmen häkimiýetleriniň adamlary bikanun ýagdaýda öz çagalaryndan we beýleki maşgala agzalaryndan aýyrmaga hem-de olary bu ugurdaky hukuklaryndan mahrum etmäge ilkinji gezek synanyşyk edişi däl, ýöne bu ýagdaý şeýle synanyşygyň elhençligini ýumşatmaýar» diýip, Denber aýtdy.

Ahal-teke atlary boýunça ekspert Geldi Kärizow 2002-nji ýylda tussag edildi we, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak we geleňsizlik aýyplamalary astynda bäş ýyl türmede oturdy. HRW guramasy bu aýyplamalaryň türkmen häkimiýetleriniň gözüne gelmeýän adamlara garşy ýygy-ýygydan ulanylýandygyny ýazýar.

Häkimiýetler 2010-njy ýylda Kärizowyň at fermasyny we beýleki emläklerini konfiskasiýa etdiler, ol türmede ýowuz daraşmalardan, şol sanda ýowuz psihologiki basyş görkezilmeginden,azyk elýeterliliginiň çäklendirilmeginden, öz kameradaşlarynyň gynalmagyna şaýat bolmaga mejbur edilmekden, aýalyna we beýleki maşgala agzalaryna zyýan ýetirmek haýbatlaryndan ejir çekdi diýip, HRW ýazýar.

Giň ulanylýan gadaganlyk

Türkmen hökümeti studentler, aktiwistler, bosgunlykdaky dissidentleriň garyndaşlary ýaly dürli toparlara garşy resmi bolmadyk we eden-etdilikli syýahat gadaganlyklaryny girizdi. Bu hili syýahat gadaganlygy adamlaryň halkara adam hukuklary kanunlary tarapyndan kepillendirilen hereket azatlygyny, öz ýurdundan gitmek we oňa dolanyp gelmek hukuklaryny gödek bozýar.

Bu syýahat gadaganlyklary Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen iýunda geçiren ýyllyk adam hukuklary dialogynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri hem boldy. ÝB Türkmenistan bilen Partnýorluk we hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen öňe süýşýär, ýagny bu şertnama Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyk edilmegine garaşýar.

Bu şertnamanyň adam hukuklary meselesini hem öz içine alýandygyna garamazdan, ÝB-niň hiç bir guramasy ýa-da agza ýurtlaryň hiç biri, şertnama baglaşylmagynyň şerti hökmünde, adam hukuklary pudagynda anyk ilerlemeleriň bolmagy üçin görnüp duran bir tagalla etmedi diýip, HRW ýazýar.

“Adamlaryň daşary ýurtlara syýahat etmegini gadagan etmek sowet döwrüniň repressiýasyny ýatladýar» diýip, Denber aýdýar.

«ÝB, iň pesinden, türkmen hökümeti bu elhenç praktikany bes etmese, Türkmenistan bilen partnýorluk şertnamasyny tassyklamajagyny açyk aýtmaly» diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýdýar.

XS
SM
MD
LG