Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärizowlaryň maşgalasy Orsýetde birikdi


Türkmen atşynasy Geldi Kärizow
Türkmen atşynasy Geldi Kärizow

Abraýly türkmen atşynasy Geldi Kärizowyň maşgala agzalary Türkmenistandan Orsýete gaýtdy.

“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýanyň 21-nji sentýabrda ýaýradan beýannamasynda 20-nji sentýabr agşamy Geldi Kärizowyň 14 ýaşly gyzy Sofiýanyň we aýalynyň dogany Ýelena Serebrýanigiň Moskwa uçup barandygy we maşgalasy bilen birigendigi habar berildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Geldi Kärizowyň we onuň maşgala agzalarynyň ýurduň daşyna çykmagyna ençeme ýyllap rugsat bermän geldi. Türkmen häkimiýetleri tarapyndan ençeme ýyllap tussaglykda saklanan, soňra türmeden çykansoňam yzarlanyp gelnen Geldi Kärizow 14-nji sentýabrda Orsýete çykmaga mümkinçilik aldy.

Onuň Türkmenistandan gaýtmak boýunça eden ozalky synanyşyklary başa barmandy. Awgust aýynda Geldi Kärizow gyzy Sofiýa we aýalynyň dogany Ýelena Serebrýanik bilen Moskwa uçmak üçin aeroporta baranlarynda elinde biletleriniň bardygyna garamazdan, serhetçiler tarapyndan uçara goýberilmändi. Munuň öňüsyrasynda olar awtoulagly hüjüme sezewar edilipdi. Şonda Ýelena Serebrýanik 14 ýaşly Sofiýa edilen hüjümiň zarbasyny öz üstüne alyp, ýaralanypdy.

Türkmenistanyň milli simwoly bolan türkmen ahal-teke atlaryny ýitmek howpundan goramak ugrunda uly iş bitiren Geldi Kärizow 2002-nji ýylda tussaglyga höküm edilip, bäş ýylyny türmede, şol sanda Owadandepe türmesinde geçiripdi we 2007-nji ýylda günägeçişde tussaglykdan boşadylypdy.

“Men öz gyzymyň we aýalymyň doganynyň uçardan düşüp gelýänini görüp, begendim. Olary görenimde, bu görnüş maňa ýoluň nähili uzak bolandygyny, emma göreşi dowam etdirip, öňe ýöresek, onda böwetleri böwsüp biljekdigimizi ýatlatdy. Biz öz maşgalamyzyň Türkmenistanyň daşynda birikmegine örän şat” diýip, “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň Geldi Kärizow barada ýaýradan beýannamasynda Kärizowyň sözünden sitata getirilýär.

Sofiýa we Ýelena Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adam hukuklaryna bagyşlanyp, Warşawada geçirilýän Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça ýyllyk konferensiýanyň öňüsyrasynda Moskwa bardylar.

“Bu Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan prezident Nyýazowyň mirasyndan daşlaşmak boýunça ädilen möhüm ädimdir. Kärizowyň maşgalasy üçin syýahat gadagançylygynyň ýatyrylmagy we olaryň birikmegine rugsat berilmegi dünýä üçin gowy habardyr, bu Türkmenistanda syýahatçylykdan mahrum edilenler üçin umyt döredip biler” diýip, Türkmenistanyň hökümetini türkmen türmelerinde ýitirim bolan tussaglar barada maglumat bermäge çagyrýan “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýanyň koordinatory Kate Watters belledi.

XS
SM
MD
LG