Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmisi Nepesgulyýewden söz açdy


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew

Türkmen resmileri jemgyýetçiligiň öňünde ilkinji gezek Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysynyň ykbaly barada maglumat berdiler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça ýyllyk konferensiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň delegasiýasyndan ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew çykyş edip, beýleki meseleler bilen bir hatarda Saparmmämmed Nepesgulyýew barada hem durup geçdi.

Saparmämmet Nepesgulyýew
Saparmämmet Nepesgulyýew

Adam hukuklaryna bagyşlanyp Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilýän maslahatyň dowamynda türkmen resmisi Saparmämmet Nepesgulyýewiň Azatlyk Radiosyna maglumat toplmaga kömek edendigi baradaky maglumatyň “hakykata bap gelmeýändigini” öňe sürdi.

Sişenbe güni eden çykyşynda Hajýyew, hususan-da, şeýle diýdi: “Düýn Azatlyk Radiosyna maglumat toplamaga hemaýat berýär we Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary işgäri diýlip atlandyrylýan şahsyýetiň, jenap Nepesgulyýewiň boşadylmagy barada çagyryşlar boldy. Onuň Azatlyk Radiosyna maglumatlary toplamaga hemaýat berendigi baradaky aýdylýanlar hakykata bap gelmeýär”.

Gepiň gerdişine ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosynyň Balkanabatdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew şu ýylyň iýul aýyndan bäri tussaglykda saklanylýar. Oňa “bikanun neşe gaçakçylygyndaky” aýyplama bilen kesilen üç ýyl türme tussaglygyny adam hukuklaryny goraýjy toparlar Nepesgulyýewiň žurnalistiki işi üçin ar alyş hökmünde häsiýetlendirdiler.

Hajyýew sözüni dowam etdirip, Nepesgulyýewiň edendigini öňe sürüp, anyklaşdyrylmadyk dört sany wideoýazga salgylanyp, ol ýerde Türkmenistanyň hiç hili adynyň tutulmaýandygyny-da nygtap, bu arabaglanyşygyň netijesinde hem Nepesgulyýewiň “öz alyp baran işleri” üçin tussag edilendigi baradaky – onuň öz sözleri bilen aýdylanda – “toslamalaryň” hiç hili tasa gelmeýändigini aýtdy.

Hajyýew mundan soň anyk nämäni göz öňünde tutýandygyny takyklaşdyrmasa-da, bir “mysal hökmünde” Azatlyk Radiosynyň – ýene-de onuň öz sözleri bilen aýdylanda – “Türkmenistana tankydy göz bilen garaýan onlarça habarçylarynyň” ýurda hiç hili bökdençsiz gelip-gidip bilýändiklerini öňe sürdi.

Mundan soň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew ýene-de anyk detallary we takyk nämä salgylanýandygyny aýan etmän, žurnalistiki işde “etikanyň möhümdigini” aýdyp, gepi Türkmenistanda berilýän mugt sosial hyzmatlara sowup, çykyşyny dowam etdi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, mundan owal adam hukuklaryny goraýjy abraýly toparlar we guramalar, şol sanda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça kömekçisi we ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili, Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bilen bagly alada bildirip, çykyş edipdiler.

XS
SM
MD
LG