Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Siriýada howa zarbasyny urup başlady


Siriýadaky rus esgeri.
Siriýadaky rus esgeri.

ABŞ Russiýanyň Siriýanyň günbatar şäheri bolan Homsa howadan zarba urup başlandygyna ynanýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň resmisi, “Reuters” habarlar gullugyna beren maglumatynda, Moskwanyň agzalan operasiýa başlamazyndan bir sagat öň degişli duýduryşy berendigini aýtdy.

Atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme berlen maglumatda amala aşyryljak howa zarbalarynyň sany we görnüşi barada hiç hili goşmaça informasiýanyň berilmändigini sözüne goşdy.

Bu habar Russiýanyň parlamentiniň Ýokarky öýüniň prezident Wladimir Putine ýurduň harby güýçlerini Siriýa ugratmak boýunça ygtyýar berilmegini goldap ses bermeginiň yzysüre äşgär boldy.

Federal Geňeşde Putiniň talabyny 162 deputat goldady, saklanan bolmady.

Putiniň administrasiýasynyň başlygy Sergeý Iwanow bu ses berişlikden soň, onuň Orsýetiň gury ýer goşunlarynyň hökman Siriýadaky söweş operasiýalaryna gatnaşjakdygyny aňlatmaýandygyny, bu goldawyň diňe ýurduň harby-howa güýçleriniň ulanylmagyna degişlidigini aýtdy.

Orsýet özüniň prezident Başar al-Assadyň goşunlaryna «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşmäge ýardam berýändigini aýdýar.

Bu aralykda Siriýanyň düýbi Londonda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça synçy topary 30-njy sentýabrda Siriýanyň güýçleriniň Homs şäherine amala aşyran howa zarbasynda parahat ilatyň arasyndan azyndan 27 adamyň ölendigini habar berýär.

Orsýet ençeme hepde bäri özüniň Siriýadaky harby güýçlerini artdyrýardy. Moskwa dört ýyldan gowrak wagt bäri bu ýerde dowam edýän graždanlyk urşunda prezident Başar al Assady goldaýar. Siriýada hökümet güýçleri "Yslam döwleti" atly jeňçi topara we beýleki yslamçy ekstremistlere, şeýle hem käbir halatlarda Günbatar tarapyndan goldalýan gozgalaňçy toparlara garşy söweş alyp barýar.

Iwanow Moskwanyň ara goşulmagy baradaky kararyna sebäp bolan "iň möhüm" itergi Orsýetiň we ozalky Sowet döwletleriniň raýatlarynyň "Yslam döwleti" toparyna goşulýandygy diýdi. Bularyň sany "sagat saýyn artýar". Olar yzlaryna dolananlaryndan soň howpsyzlyga wehim salarlar.

Iwanow: "Biz onlarça ýa ýüzlerçe däl, eýse müňlerçe orsýetlileriň gürrüňini edýäris" diýýär.

"Iň gowusy, bu problema bilen soňra içerde Orsýetde ýüzbe-ýüz bolmaz ýaly, öňünden daşarda herekete geçmek. Iň möhüm zat şu. Bu karar şu milli bähbitlere esaslanýar" diýip Iwanow tekrarlaýar.

Iwanowyň aýtmagynä görä, Assad resmi taýdan barby goldaw berilmegini haýyş edeninden soň Putin "Federasiýa Geňeşinden" ses berişlik geçirilmegini sorapdyr.

Iwanow bu haýyş Orsýetiň Siriýada öz ýaragly güýçlerini ulanmagynyň, Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň we Awstraliýanyň urýan howa zarbalaryndan tapawutlylykda, halkara hukugyna ters gelmeýändigini aňladýar diýdi.

XS
SM
MD
LG