Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa zarbalaryny ýygjamladýar


Orsýet, 30-nji sentýabrdan bäri Siriýada uran 60-dan gowrak howa zarbasynyň potensial «terrorçylaryň» harby kuwwatyny mazaly kemeldenigini yglan edip, özüniň Siriýadaky howa zarbalaryny ýygjamlaşdyrjagyny aýtdy.

"Biz diňe öz uçarlarymyzyň howa zarbalaryny dowam etdirmeris, olaryň ýygjamlygyny hem artdyrarys» diýip, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň resmisi, general Andreý Kartapolow 3-nji oktýabrda aýtdy.

Kartapolow rus uçarlary tarapyndan «Yslam döwleti» toparynyň 50-den gowrak obýektiniň nyşana alnandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol 600 çemesi jeňçiniň öz pozisiýasyny taşlandygyny we Ýewropa aşmaga çalyşýandygyny sözüne goşdy.

Biziň aňtaw maglumatlarymyz jeňçileriň öz kontrolluk edýän ýerlerini terk edýändiklerini görkezýär diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG