Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Banky: Aşa garyplyk azalýar


Dünýä Banky ýylyň aýagynda ilkinji gezek dünýä boýunça aşa garyplyk derejesinde ýaşaýan ilatyň sanynyň 10%-den az boljakdygyny aýtdylar.

Dünýä Bankynyň çaklamalaryna görä, aşa garyplyk derejesinde ýaşaýanlaryň sany 702 million adam bolup, olar dünýä ilatynyň 9.6% emele getirýärler we esasan Sahara Afrika hem Aziýa ýurtlarynda ýaşaýarlar.

2012-nji ýylda olaryň sany 12.8% bolupdy.

Emma Dünýä Bankynyň 4-nji oktýabrda beren hasabatyna görä, “Afrikada millionlarça adama” degişli uly aladalanma saklanýar.

Dünýä Banky aşa garyplyk derejesini kesgitlemek üçin her adama günde 1.9 amerikan dollary möçberinde täze görkezijiniň kesgitlenendigini habar berdi. Oň bu görkeziji 1.25 dollar derejesindedi.

Geçen aýda dünýä liderleri aşa garyplygy 15 ýylyň dowamynda ýok etmegi wada berdiler.

XS
SM
MD
LG