Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adamymdan erbet kesel ýokuşdy, nädeýin..."


"Adamymdan erbet kesel ýokuşdy, nädeýin..."
"Adamymdan erbet kesel ýokuşdy, nädeýin..."

Hatlon welaýatynda bäş ýüz töweregi aýala AIDS (SPID) keseli ýokuşypdyr. Olaryň aglabasyna bu kesel migrantlykda işlän ärlerinden ýokuşypdyr. Ýöne zenanlar maşgalasyny goramak üçin hiç kime arz-şikaýat etmändirler.

Hatlon welaýatynyň AIDS keseline garşy göreş merkeziniň maglumatyna görä, Täjigistanyň bu günorta welaýatyndaky bäş ýüz töweregi zenana AIDS keseli daşary ýurtlarda işläp gelen öz ýanýoldaşlaryndan geçipdir. Erkek adamlar özlerinde şeýle keseliň bardygyna garamazdan, öýlerine dolananlarynda muny aýtman, öz aýallaryna bu keseli ýokuşdyrypdyrlar. Kesele duçar bolan aýallar bolsa "maşgalada goh-galmagal bolmasyn diýip" muny hiç kime aýtmandyrlar.

Hatlon welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem aýtmagyna görä, AIDS keseli aýallara hut öz adamsyndan ýokuşypdyr. Ýöne bu ýagdaý maşgala syry hökmünde saklanyp, hiç kime aýdylmaýar.

“Maşgalasyny goramak üçin”

Aýallaryň aglaba köpçüligi özlerine şeýle keseliň ýokuşandygyny göwreli bolup, saglyk merkezine ganyny barlatmaga baranda bilip galypdyr.

Bohtar etrabynyň ýaşaýjysy, 34 ýaşyndaky Mawjuda atly aýalyň dört çagasy bar. Onuň aýtmagyna görä, adamsy 2009-njy ýylda Moskwada işläpdir we haçan-da AIDS, ýagny SPID keseli ýokuşan mahaly 2014-nji ýylda Orsýetden çykmaly edilipdir.

Adamsy ýurduna dolanandan soň öz keselini aýalyndan gizläpdir we oňa ýokuşmagyna sebäp bolupdyr.

Çagalaryny özlerinden üzňe saklaýar

Mawjudanyň aýtmagyna görä, ol şeýle keseliň ýokuşandygyny geçen ýylyň fewralynda göwreli galandygyny bilip, lukmana özüni barlatmaga baranda bilip galypdyr. Oňa AIDS keseliniň ýokuşandygyny aýdypdyrlar. Lukmanlar şol bir wagtyň özünde onuň adamsyny gürrüňdeşlige çagyrypdyrlar. Şonda onuň adamsy şeýle keseliň özüne Orsýetde ýokuşandygyny boýun alypdyr we "maşgalasyny goramak üçin" bu ýagdaýy gizlinlikde saklandygyny bildiripdir.

Mawjudynyň adamsy deport edileni sebäpli indi Orsýete gidip bilenok. Ol häzir Duşanbede bazarda ýük daşap güzeranyny aýlaýar. Bu maşgala, ýagny adamsy we aýaly bilen täze dünýä inen çaga AIDS bilen keselli bolany üçin ýörite medisina gözegçiligi astynda saklanýar.

Öý hojalykçysy Mawjudanyň aýtmagyna görä, adamsy şeýle keseliniň bardygyny bilibem, ony öz aýalyna ýokuşdyrandygyna garamazdan, indi gelniň özi äriniň hossarlary tarapyndan agyr basyşa sezewar edilýär. Adamsynyň maşgalasy indi ony we çagalaryny özlerinden üzňe saklaýarlar. Şonuň üçinem ol öz atasy öýünde ýaşamaly bolýar.

Keseli ýokuşdyran

Mawjuda "Dört çagam bilen atam öýümde otyryn. Bu keseli maňa adamym ýokuşdyrdy. Häzir bolsa ol indi meni taşlady. Üstesine-de, ol maňa gaty erbet daraýar" diýip gürrüň berýär.

Hatlon welaýatynyň AIDS keseline garşy göreş merkeziniň ýolbaşçysy Akram Dawlatowyň aýtmagyna görä, Täjigistanyň kanuny esasynda başga adama şeýle keseli ýokuşdyran adam ähli jogapkärçiligi öz üstüne almaga borçly.

"Keselli we ondan kesel ýokuşan bilen gürrüňdeşlik geçirilýär. Olardan dilhat alynýar. Elhenç keseliň ýokuşmagyna bilkastlaýyn sebäp bolanlar bäş ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Ýöne şu wagta çenli hiç kim arz-şikaýat etmedi".

AIDS keseli ýokuşan zenanlar öz nalasyny köplenç jemgyýetçilik guramalaryna aýdýarlar we olardan kanuny goldaw isleýärler. Ýöne olardan hiç birem şu wagta çenli işini kazyýete ýetirmändir.

Resmi maglumata görä, Hatlon welaýatynda AIDS keselli 1576 adam hasaba alnypdyr. Olaryň aglaba köpçüligi daşary ýurtlardan dolanan we soň öz aýallary bilen çagalaryna şeýle keseliň ýokuşmagyna sebäp bolan migrant erkeklerdir. Şeýle-de olaryň arasynda keselliniň ulanan iňňesini ulanyp, şondan kesel ýokuşan narkomanlar, ýagny neşekeşler hem bar.

XS
SM
MD
LG