Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Siriýadan 3 million bosgunyň gaçmagy mümkin


Siriýaly çagalar.
Siriýaly çagalar.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tuskuň bildirmegine görä Türkiýe Siriýadaky graždanlyk urşundan ýene millionlarça bosgunyň gaçmagy mümkin diýip, Ýewropa Bileleşigine duýdurypdyr.

Tusk 6-njy oktýabrda Strassburgda Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjylaryna "Türkiýäniň çaklamagyna görä, diňe Siriýanyň iň uly şäheri Aleppo bilen onuň töweregindäki etraplardan "ýene üç million potensial bosgunyň" gelmegi mümkin diýdi.

"Şu gün millionlarça potensial bosgunlar we migrantlar Ýewropa gelmäge hyýallanýarlar" diýip, Tusk sözüniň üstüne goşdy.

“Ýewropa kömek etmek niýeti ýok"

Iki million töweregi siriýaly bosgun häzir Türkiýede ýaşaýar. Mundan başga-da on müňlerçe bosgun 2015-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine geldi.

Tusk Ýewropa Bileleşiginiň deputatlaryna "töweregimizdäki dünýäniň Ýewropa kömek etmek niýeti ýok" we Ýewropa Bileleşiginiň käbir goňşulary "biziň çekýän kynçylyklarymyza kanagatlanma bilen seredýärler" diýdi.

Tusk bu beýanaty bosgunlar meselesi boýunça pikir alyşmak üçin Brýussele gelen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşanyndan bir gün soň etdi.

Siriýada 2011-nji ýylda graždanlyk urşy başlaly bäri 250 müň töweregi adam ölüp, millionlarça adam öý-owzaryndan jyda düşdi.

Çäre görmek

Türk prezidenti Erdogan bilen Ýewropanyň ýokary derejeli resmileri barha möwjeýän bosgun krizisiniň öňüni almagyň ýollary barada 5-nji oktýabrda Brýusselde pikir alyşdylar.

Ýewropa Bileleşigi Erdogany Türkiýeden Ýewropanyň kenar ýakalaryna gelip düşýän ýüz müňlerçe bosgunyň akymyny togtatmak boýunça has köp çäre görmäge çagyrdy.

"Ýewropanyň öz serhetlerine erk etmelidigi jedelsiz zat, biz Türkiýäniň hem bu işi etmegine garaşýarys" diýip, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Erdogan bilen bile durka aýtdy.

Türk lideri hem öz ýurdunyň iki million çemesi siriýaly bosguny öz territoriýasynda saklamak bilen bu problemanyň esasy ýüküni çekýändigini belläp, Brýusseli bu ugurda köpräk iş etmäge çagyrdy.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň aýgytly opponenti hasaplanýan Erdogan Brýusselde bosgun krizisiniň "düýp sebäbi" döwlet tarapyndan goldalýan terrorizm, "muny hem amala aşyrýan Assadyň özi" diýdi.

“Üç zady etmeli”

"Bosgun meselesini çözmegi isleýän bolsak, onda biz üç zady etmeli. Birinjisi, türgenleşik we abzallaşdyrma, ikinjisini terrorizmden goralmaly howpsuzlyk zonasyny yglan etmek, üçünjisi, uçuş gadagan zona" diýip, Erdogan nygtady.

Erdogan şeýle hem Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň "howpsuz döwletleriň sanawyna" girizilmegini umyt edýändigini belledi.

Türk lideri Ankaranyň bosgunlar baradaky açyk gapylar syýasatynyň özi Türkiýäniň howpsuz döwletdiginiň subutnamasy" diýdi.

Ol bu barada bolan her bir çekişme "bizi örän çynlakaý tukatlandyrar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň hem öz pikirleri bar. Munda bosgunlara kömek diýip, Türkiýä bir milliard ýewro bermek göz öňünde tutulýar.

Ýöne Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň tizden-tiz bir ylalaşyga gelme ähtimallygy ýokary däl. Sebäbi Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary meselesindäki tankytlary, şeýle hem Türkiýäniň bloga agzalygy barada barýan ejirli, azaply gepleşikler sebäpli Erdogan bilen Brýusseliň arasynda sowan gatnaşyga indi bosgunlar krizisi-de agram salýar.

XS
SM
MD
LG