Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa Nemtsowa ýadygärlik açar


Boris Nemtsow bilen hoşlaşyk çäresi, Moskwa, 3-nji mart , 2015
Boris Nemtsow bilen hoşlaşyk çäresi, Moskwa, 3-nji mart , 2015

Moskwada oppozision aktiwistler öldürilen oppozision syýasatçy Boris Nemtsowa ýadygärlik açmagy planlaşdyrýarlar.

Moskwanyň Troýekurowskoýe gonamçylygynda Nemtsowyň mazarynda dikilen ýadygärlik 9-njy oktýabrda onuň doglan gününiň 54-nji senesinde açylar.
Üstesine Nemtsowyň tarapdarlary onuň fewral aýynda atylyp öldürilen ýerinde matam çäresini geçirerler.

Şweýsariýanyň Basel şäherinde rus sazandalary Andreý Gawrilow, Andreý Makarewiç we Swýatoslaw Wakarçuk Nemtsowyň hatyrasyna matam konsertini geçirerler. Nemtsowyň kyrkyny bellemek üçin Moskwada geçiriljek bolan şeýle konsert Orsýetiň häkimiýetleri tarapyndan gadagan edilipdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy Boris Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda bäş adam tussag edildi.

XS
SM
MD
LG