Şwesiýanyň Hristian demokratik partiýasy ýurduň NATO agzalygyna goşulmagy üçin ses berdi, bu indi oppozisiýadaky dört konserwatiw partiýanyň ählisiniň ýaranlyga goşulmaga gol ýapýandygyny aňladýar.
9-njy oktýabrdaky ses berişlik irki parlament saýlawlarynyň geçirilmek ähtimallygynyň çynyrgaýan wagtyna gabat geldi.
Häzir hökümeti dolandyrýan çepçi koalisiýa NATO goşulmaga garşy durýar.
2014-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen pikir soraşlyk, Orsýet bilen dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, şwedleriň arasynda NATO agzalygyny goldaýanlaryň köpelýändigini görkezdi.
Hökümet rus suwasty gämileriniň geçen ýyl şwed suw serhetlerini gaýta-gaýta bozan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär.