Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 'gynanç töleglerini' tölemekçi


ABŞ-nyň Goranmak departamenti özüniň demirgazyk Owganystandaky hassahanada howa zarbasynyň pidasy bolan adamlaryň maşgalalaryna «gynanç töleglerini» etmekçidigini aýdýar.

ABŞ-nyň 3-nji oktýabrda uran howa zarbalary Gunduzda «Serhetsiz lukmanlar» tarapyndan dolandyrylýan hassahananyň azyndan 22 näsagyny we işgärini öldürdi.

Bu hadysa «Talyban» bilen hökümet güýçleriniň arasynda söweş barýan wagtynda boldy.

«Serhetsiz lukmanlar» guramasy şondan soň 33 adamyň tapylmaýandygyny aýdýar.

Pentagonyň sözçi Piter Kuk 10-njy oktýabrda «departamentiň edip biljek bir işi graždan, söweşiji bolmadyk ýaralylara we söweşiji bolman öldürilenleriň garyndaşlaryna gynanç töleglerini tölemek» diýdi.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň hassahananyň bejerişi üçin pul tölejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG