Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran raketa synag etdi


Eýran 11-nji oktýabrda ýurt içinde öndürilen uzak aralyk raketasyny üstünlikli synag edendigini aýtdy.

"Bu Eýranyň nyşana baryp urýança ugrukdyrylýan we kontrollyk edilýän ilkinji uzak aralyk raketasy» diýip, goranmak ministri Hosseýin Deghan aýtdy.

«Fars» habar gullugy «Emad» atlandyrylan täze raketanyň suratyny çap etdi, emma onuň maksimum näçe aralyga ýetýändigi baradaky maglumatlary we beýleki detallary aýtmady.

Onuň haçan synag edilendigi hem aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG