Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak DIM-i Aşgabada jogap ýollady


Gazagystanyň Daşary işler ministrligi. Astana
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi. Astana

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine jogap notasyny ýollady.

Ýatladyp geçsek, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedindäki dartgynly ýagdaýlar baradaky çykyşyna protest bildirip, beýanat ýaýradypdy. Onda gazak tarapynyň mundan beýläk Türkmenistandaky ýagdaýlar barada maglumat berende “has döwrebap maglumatlary” ulanjakdygyna umyt bildirilýändigi hem bellenilipdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň 16-njy oktýabrda ýollan notasynda: “Gürrüňi edilýän, 15-nji oktýabrda Gazagystanyň häkimiýeti tarapyndan edilen bellikler tutuş dünýäde we regionda terrorizmiň howpunyň artmagy bilen baglylykdaky umumy aladalanmalaryň çäginde edildi. Mälim bolşy ýaly, bu baradaky howatyrlanamlary nazara alyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynyň dowamynda Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew BMG-niň howandarlygyndaky terrorizme garşy global koalisiýany döretmek baradaky teklip bilen çykyş edipdi. Biz hem bu başlangyjyň halkara jemgyýetçiliginiň goldajakdygyna bil baglaýarys” diýilýär.

“Owganystandaky, şol sanda ýurduň Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän regionlaryndaky ýagdaýlaryň soňky wagtlar has ýitileşmegi we howpsuzlyk meseleleriniň ýaramazlaşmagy bilen häsiýetlendirilýändigi hiç bir gizlin zat däldir” diýip, gazak tarapynyň notasy dowam edýär. “Bu ýagdaýlar gürrüňi gidýän ýurtda [Owganystanda] “Yslam döwleti” diýilýän terroristik toparynyň wekilleriniň peýda bolup we herekete geçip başlamagy bilen hem belli bir derejede häsiýetlendirilýär. Biz umumy howpsuzlygymyza ýetip biljek islendik wehimiň öňüni öz wagtynda we netijeli alyp bilmegimiz üçin ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn formatdaky bilelikdäki we koordinirlenen hereketleriň zerurdygyna ynanýarys”.

Gazagystanyň türkmen DIM-ne ýollan notasynda “Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda 1993-nji ýylyň 19-njy maýynda baglaşylan Dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygynyň çäginde we ruhunda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek meýli” hem nygtalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýollanan dokumentde şu ýylyň 16-njy oktýabrynda Gazagystanynyň Burabaý şäherinde “Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agzalarynyň daşky serhet goraglylygyny pugtalandyrmak baradaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Programmasynyň” çägindäki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem agzalyp geçilýär.

XS
SM
MD
LG