Pakistanyň kriket ýyldyzy, soňy bilen syýasata geçen Imran Khan özüniň ikinji aýaly bilen nikasyny bozmak baradaky karara gelendigini mälim etdi.
Imran Khan Twitter sahypasynda özüniň aýaly, ozalky telewideniýe işgäri Reham Khany öwüp: “Men Rehami onuň adamçylygy, işe bolan höwesi üçin juda sylaýaryn. Bu [nikany bozmak baradaky] netije hem meniň üçin, hem Reham üçin juda agyr boldy” diýen mazmunly maglumaty galdyrdy.
62 ýaşly Reham özüniň birinji aýaly bilen, 9 ýyl ýaşaşandan soň, 2004-nji ýylda aýrylyşypdy. Ol şondan bäri 11 ýyllap sallah gezipdi.
Imran Khanyň sportdaky üstünlikleri we şöhrady onuň soňy bilen syýasatçy bolmagyna ýardam etdi. Khanyň “Tahrik-e Insaf” partiýasy Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň hökümetiniň esasy garşydaşlarynyň biridir.